Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanda “IFT 2025” atly halkara maýa goýum forumy geçiriler

11.423k
·
07 Few. 13:02

2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanda hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forumy (IFT 2025) geçiriler. Ony Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi (TSTB) guraýar. Forum maýa goýum taslamalarynyň görkezilmegi we işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin esasy meýdança bolar.

  • Çäräniň maksatnamasy şulary öz içine alýar:
    Ykdysadyýet we biznes boýunça hünärmenler bilen panel ara alyp maslahatlaşmalar
  • Ulag, senagat, oba hojalyk we IT ugurlarynda maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşy
  • Maýadarlary we hyzmatdaşlary tapmak üçin networking mejlisleri

Gatnaşmak üçin:

📌 Kompaniýalar maýa goýum taslamalaryny 2025-nji ýylyň 15-nji fewralyna çenli tstb.halkara@gmail.com salgysyna ibermeli ýa-da 21-24-06 belgisine jaň edip habarlaşmaly.

📌 Forumyň gatnaşyjylary üçin hasaba alyş ift.com.tm sahypasynda açykdyr.