Screen not supported
Oýun sanawy
Iýunda Türkmenistanda “Turkmentextile Expo-2025” atly halkara sergisi geçiriler
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi “TurkmenExpo” kärhanasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 11–13-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Turkmentextile Expo-2025" atly giň gerimli halkara sergi-ýarmarkasyny guraýar.
Sergi dokma senagatynyň giň ugurlaryny öz içine alar: dokma enjamlary, tebigy süýümleri gaýtadan işlemek, egin-eşik we aýakgap öndürmek, öý dokma önümleri. Sergide ätiýaçlyk şaýlaryň we kömekçi serişdeleriň, himiki serişdeleriň we boýaglaryň, aksessuarlaryň, furnituranyň hem-de innowasion tehnologiýalaryň we “nou-haularyň” görkezilmegine aýratyn üns berler.
“Turkmentextile Expo-2025” atly sergi Türkmenistanyň dokma senagatynyň mümkinçiliklerini görkezmek, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem-de bu ugurda işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin möhüm meýdança öwrüler. Serginiň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde gatnaşyjylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we dokma senagatynda döwrebap çemeleşmeleri özleşdirmek maksady bilen dünýä belli hünärmenleriň gatnaşmagynda ussatlyk we umumy sapaklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Goşmaça maglumat üçin guramaçylyk topary bilen şu telefon belgiler arkaly: + (99312) 398881, 398882, 398884, 398886 ýa-da şu elektron poçta arkaly: sergi5@cci.gov.tm habarlaşyp bilersiňiz.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ