Screen not supported
Oýun sanawy
Üç hepdelik Germaniýa gidip-gelmek mümkinciligi: türkmen telekeçileri üçin işewürlik tejribeligi yglan edildi
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Germaniýanyň Ykdysady işler we howany goramak ministrligi bilen bilelikde 2025-nji ýyl üçin “Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy” atly maksatnamasyna gatnaşmak üçin hususy pudagyň wekilleriniň arasyndan dalaşgärleriň saýlanýandygyny habar berdi.
Maksatnama iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Gatnaşyjylara onlaýn okuwdan, şeýle hem Germaniýada üç hepdelik tejribe geçip bilerler. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde ýokary bilimi, azyndan 5 ýyl (olardan ýolbaşçy wezipesinde 2 ýyl) iş tejribesi we iňlis ýa-da rus dillerinden bilimi bolan telekeçiler we kärhana dolandyryjylary ýüz tutup bilerler.
Arzalar 2025-nji ýylyň 12-nji martyna çenli Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginde kabul ediler. Jikme-jik maglumat www.fineconomic.gov.tm web sahypasynda, ýa-da (+99312) 39-43-55 telefon belgisine jaň edip öwrenip bolar.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ