Screen not supported
Oýun sanawy
Türkmenistanda täze nebit guýusy işe girizildi
“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň burawlaýjylary “Uzynada” käninde 85 belgili täze nebit guýusyny işe girizdiler. Munuň özi ýurdumyz üçin örän möhüm waka, sebäbi ol nebit-gaz önümçiliginiň ýokarlanmagyna mümkinçilik döreder. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.
Guýynyň çuňlugy 6830 metre barabar. Ol günde 70 tonna nebit kondensaty we 75 müň kub metr tebigy gaz öndürer.
Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda Türkmenistanyň günbatarynda täze nebit we gaz ýataklary işjeň gözlenilýär.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ