Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Microsoft Apple-dan geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy adyny gaýtaryp aldy

1.100k
·
09 Aprel. 13:25

Çeşme

Apple-yň paýnamalarynyň bahasynyň pese düşmegi, Microsoft-a dünýäniň iň gymmat kompaniýasy bolmaga mümkinçilik berdi.

«CNBC-niň» maglumatlaryna görä, soňky dört söwda sessiýasynyň dowamynda Apple-yň paýnamalarynyň bahasy 23% pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň bazardaky umumy bahasyny 2,59 trillion dollara çenli düşürdi. Şol bir wagtyň özünde, Microsoft-yň bahasy bolsa 2,64 trillion dollardy.

2024-nji ýylyň başynda Microsoft bazar bahasy boýunça liderligini yzyna aldy, soň bolsa bu orny Apple-a berdi. Indi bolsa kompaniýa ýene birinji orna çykdy.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

11 Few. 09:05·
16.511k
11 Few. 07:05·
20.714k
14 Mart. 11:47·
950