Screen not supported
Oýun sanawy
Tatarstanda türkmen suratkeşiniň eserleri sergilenildi
Tatarstanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň “Hazine” milli sungat galereýasynda türkmen suratkeşi Berdiguly Amansähedowyň “Başlangyç - sazlaşyk - kämillik: filosofiki dünýägaraýyş” atly şahsy sergisi açyldy.
Amansähedow – Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň hem-de Russiýanyň Suratkeşler birleşiginiň Moskwadaky bölüminiň agzasy, Türkmenistanyň birnäçe teatrynyň baş suratkeşi.
Serginiň açylyş dabarasyna Döwlet geňeşiniň sekretary Liliýa Mawrina, parlament agzalary, Kazandaky Türkmenistanyň Baş konsullygynyň üçünji sekretary Maral Rustamowa, Tatarstan Respublikasynyň Puşkin döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň müdiri Rozaliýa Nurgaleýewa, Tatarstanyň sungat jemgyýetiniň we Türkmeniň milli-medeni awtonomiýasynyň wekilleri gatnaşdy.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ