Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanyň zenan küştçileri Aziýa Zonal çempionatynyň ilkinji 6-lygyna girdi

709
·
14 Aprel. 08:10

Çeşme

Türkmenistanyň zenan küşt toparynyň wekilleri Jahan Rejepowa we Bägul Ezizowa 1-10-njy aprel aralygynda Almaty şäherinde geçirilen Aziýa zolagynyň çempionatynda (3.4 zona) degişlilikde dördünji we altynjy orny eýelediler.

Aýallaryň FIDE ussady (WFM) adyna eýe bolan we Zenanlaryň halkara ussady (WIM) ilkinji kadasyny ýerine ýetiren 14 ýaşly Jahan Rejepowa aýratyn tapawutlandy. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Aziýanyň küşt federasiýasynyň wise-prezidenti, Gazagystanyň küşt federasiýasynyň birinji wise-prezidenti Darmen Sadwakasow ýaryşyň ýapylyş dabarasynda türkmen gyzlarynyň, esasanam özüni ýokary derejede tanadan 14 ýaşly Jahan Rejepowanyň başarnyklary barada nygtap geçdi.