Screen not supported
Oýun sanawy
Türkmen wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 150-nji Assambleýasynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi
6-njy aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasynyň “Durmuş ösüşini we adalatlylyk üçin parlament hereketi” atly maslahatynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Natalýa Koçanowa, Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy T.Narbaýewa bilen duşuşyklaryň barşynda döwlet Baştutanlarynyň tagallalarynyň döwletara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrlandyrmaga itergi berýändigi bellenildi.
Taraplar parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda geçirilýän şeýle duşuşyklaryň we gepleşikleriň ähmiýetini bellediler.
D.Gulmanowa ähli gatnaşyjylary 2025-nji ýylda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ