Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanda ilkinji gezek küşt ýaryşy onlaýn görkezilýär

1.440k
·
18 Mart. 10:43

Çeşme

17-nji martda Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan gurnalan düýbünden täze Küşt ýaryşyň birinji tapgyry Aşgabatda başlandy. Bu täsin bäsleşige 127 küştçi gatnaşýar (açyk toparda 83, zenanlar toparynda 44).

Alty ýaryşyň tapgyry nusgawy görnüşde geçirilip, Türkmenistanyň bäş welaýatyny öz içine alar we Aşgabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat we Mary ýaly bäş şäherde geçiriler.

Ýaryşyň aýratynlygy Türkmenistanyň küşt taryhynda oýunlary onlaýn görkezilip başlanmagyndadyr. Küştçileriň tagtada eden her bir göçümi küşt böleklerine we tagtasyna gurlan ýörite datçikler bilen derrew sanly maglumata öwrülýär we “DGT LiveChess” programmasy arkaly onlaýn meýdançalara iberilýär.

Bu ýaryşy görkezýän “Lichess” meýdançasy küşt muşdaklarynyň arasynda dünýäniň dürli künjeklerinden dürli ýaryşlaryň oýunlaryny göni efirde görmek üçin iň meşhur hasaplanýar.

Ýaryşy yzarlamaga mümkinçilik berýän internet-salgylar:

Açyk topary: https://lichess.org/broadcast/gran-pri-tkf-ashgabat-open/round-1/K58aXeBU

Zenanlar topary: https://lichess.org/broadcast/gran-pri-tkf-ashgabat-women/round-1/INot86xN

Oýunlaryň netijelerini we küşt netijeleri boýunça ýaryş tablisasyny şu salgyda yzarlap bilersiňiz:

https://chess-results.com/tnr1137131.aspx?lan=11

Ýaryşyň Aşgabat şäheriniň tapgyry 21-nji martda tamamlanar.