Screen not supported


scope

Oýun sanawy



2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň başlanjak güni yglan edildi

1.757k
·
26 Few. 08:05

Çeşme

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web sahypasynda çap edilen habaryna laýyklykda 4-nji martda  ýurdumyzyň futbol çempionatynyň nobatdakysyna badalga berler. Dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisiniň (“Arkadag”, “Ahal”, “Altyn Asyr”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Merw”, “Köpetdag”) çykyş eder.

Futbol çempionatymyzyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň duşuşyklary 2025-nji ýylyň 4-nji marty bilen 22-nji iýuny aralygynda dowam eder. Üçünji we dördünji aýlawyň duşuşyklary futbol çempionatynyň ikinji ýarymynda geçiriler.

Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň klublarynyň arasynda 33-nji futbol çempionaty “Ahal” bilen “Nebitçiniň” arasyndaky duşuşykdan başlaýar. Ertesi gün, 5-nji martda ýene iki duşuşyk geçiriler: paýtagt derbisinde “Altyn Asyr” we “Aşgabat” duşuşar, “Merw” bolsa “Şagadama” myhmançylyga barar.