Screen not supported
Oýun sanawy
Ukrainada okaýan türkmen talyplary Bütindünýä saglyk gününi bellediler
2025-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy ýapyk binalarda göreşiň dürli görnüşleri, armwresling, agyr atletika, daş galdyrmak, şeýle hem dürli agyrlykdaky ştangalary ýatyp itekläp götermek boýunça ýaşlaryň arasynda ýaryşlary gurady.
Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän sport we saglyk çäresine gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar dürli güýç emellerini, tizlikli we çydamly ylgamak ýaly türgenleşikleri ýerine ýetirip, çäräni küşt we şaşka oýnamak arkaly intellektual ýaryşlar bilen tamamladylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegiň fiziki we akyl saglygy üçin zerurdygyna ynanýarlar.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ