Screen not supported
Oýun sanawy
«Men – geljekki hünärmen» atly integrirlenen olimpiada gatnaşyň!
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýurduň mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryny hem-de uçurymlaryny «Men – geljekki hünärmen» diýen integrirlenen olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.
Bäsleşige Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary we orta mekdebi tamamlanyna 1 ýyldan köp wagt bolmadyk ýaş raýatlar gatnaşyp bilýärler.
Olimpiada 15-nji martdan 15-nji maýa çenli döwürde bäş ugur: matematika, informatika, iňlis dili, jemgyýeti öwreniş hem-de Türkmenistanyň taryhy boýunça geçiriler. Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde geçirilip, üç tapgyry özünde jemleýär.
Gatnaşjaklary bellige almak 10-njy marta çenli dowam eder.
Uniwersitetiň saýtynda, şeýle hem +99312 398513; +99312398550 telefon belgiler we iuhdolympiads@gmail.com elektron salgy boýunça giňişleýin maglumatlary alyp bolar.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ