Screen not supported
Oýun sanawy
Türkmenistanyň döwlet gullukçylary üçin sanly tehnologiýalar boýunça okuw sapaklary başlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet gullukçylary häzirki zaman sanly tehnologiýalary ugrunda taýýarlamak maksady bilen okuw sapaklary başlandy. Bu çäre BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) gatnaşygynda guralýar we Russiýanyň Halklaryň arasyndaky dostluk uniwersitetiniň sanly tehnologiýalar boýunça bilermeni, professor Wiktor Dostowyň gatnaşmagynda geçirilýär.
Sapagyň esasy maksady — döwlet işgärlerini sanly gurallar bilen tanyşdyrmak. Ýylyň dowamynda gatnaşyjylar sanlylaşdyryşyň jemgyýetde, ykdysadyýetde we iş bazarynda nähili täsir edýändigini, şeýle hem bu üýtgeşmeleriň geljek üçin ähmiýetini ara alyp maslahatlaşarlar.
Çäräniň dowamynda maliýe we elektron hökümet ulgamyndaky sanly tehnologiýalaryň ulanylşyna aýratyn üns çekiler. Şeýle hem, bu ugurda emeli aňyň esasy ulgam hökmünde ähmiýeti, onuň jemgyýetiň ösüşinde orny hem ara alnyp maslahatlaşylar.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ