Screen not supported
Oýun sanawy
Samsung Galaxy A seriýasynyň täze smartfonlarynyň tanyşdyryljak senesi yglan edildi
“Samsung” kompaniýasy resmi taýdan “Galaxy A” seriýasynyň täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyş senesini aýan etdi. Ol 2025-nji ýylyň 2-nji martynda geçiriler we Galaxy A36 hem-de Galaxy A56 modelleri görkeziler.
Çaklamalara görä, täze enjamlar täzelenen bezege, gowulandyrylan displeýlere we kameralaryň kämilleşdirilen görnüşine eýe bolar. Iki model hem “Android 15” operasion ulgamynda işlär we “Android 21” çenli täzelenmä eýe bolar.
Tanyşdyrylyş dabarasy onlaýn görnüşde geçiriler, ähli jikme-jik maglumatlary bolsa “Samsung” kompaniýasynyň resmi web sahypasynda ýerleşdiriler.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ