Screen not supported


scope

Oýun sanawy



“Materiallaryň garşylygy” dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyna 600-den gowrak daşary ýurtly talyp gatnaşdy

992
·
19 Mart. 12:36

Çeşme

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2025-nji ýylyň 18-nji martynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly “Materiallaryň garşylygy” dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi.

Oňa Azerbeýjandan, Awstraliýadan, Amerikanyň Birleşen ştatlaryndan, Belarusiýadan, Ermenistandan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Fiji Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Özbegistandan, Päkistandan, Russiýa Federesiýasyndan, Ruminiýadan, Türkiýeden we Ugandadan hem-de ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinden, ýagny 18 döwletleriň 117 sany ýokary okuw mekdeplerinden (şolaryň 95 sanysy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri) jemi 895 sany (şolaryň 665 sanysy daşary ýurtly gatnaşyjylar) talyp ýaşlar gatnaşdy.

Geçirilen olimpiada daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary emin agzalary hökmünde gatnaşdylar.

IV Açyk halkara internet olimpiadasynynyň geçirilmegi mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça taýýarlanan sergisi gurnaldy.