Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanda Iki sany internet olimpiadasy geçiriler

13.217k
·
01 Few. 08:46

Mart aýynda iki sany halkara internet olimpiadasy geçiriler: birinjisi 10-15-nji martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden, ikinjisi bolsa 18-nji martda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden. Bu barada Wise-premýer B. Orazdurdýewa Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde habar berdi.

Olimpiadalar Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýylynyň we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde gurnaldy. Guramaçylaryň pikiriçe, bu çäreler ylym we bilim pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, şeýle hem ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga goşant goşar.

Çäreleri geçirmek üçin degişli teklip ýurdumyzyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklandy.