Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Ronaldu milli ýygyndysy üçin yzygider 22 ýyllap gol geçiren taryhda ilkinji futbolçy boldy

1.520k
·
24 Mart. 09:58

Çeşme

Kriştianu Ronaldu yzygider 22 ýyl milli ýygyndy üçin gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Bu barada Stats Foot habar berýär.

23-nji martda Lissabonda Milletler ligasynyň 1/4 finalynyň Portugaliýa bilen Daniýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda jogap oýny geçirildi. Portugaliýa goşmaça wagtda 5:2 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy.

Bu ýeňiş Portugaliýany ýaryşyň ýarym finalyna çykardy. Onda Portugaliýanyň topary Germaniýa bilen duşuşar.

Ýeňşe Ronaldu hem gol bilen tapawutlanyp, öz goşandyny goşdy. Bu bolsa onuň karýerasynda 929-njy, Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin bolsa 136-njy goly boldy.