Screen not supported


scope

Oýun sanawy



FIFA öz kriptowalýuta tokenini döredip biler

951
·
14 Mart. 11:47

Çeşme

Halkara futbol federesiýasy (Federation Internationale de Football Association FIFA) “FIFA Coin” diýlip atlandyryljak şahsy kriptowalýuta tokenini döretmek mümkinçiligini işjeň maslahatlaşýar.

FIFA Prezidenti Janni Infantino şeýle çäräniň bütin dünýä boýunça 5 mlrd-dan gowrak janköýerleri çekmeklige gönükdirilendigini aýtdy.

Mundan başga-da, FIFA eýýäm NFT-kartly “FIFA Rival” ykjam oýnunyň döredilendigi barada habar berdi. Munuň özi Federasiýanyň öz işine häzirki zaman tehnologiýalary integrirlemek isleýändigini açyp görkezýär.

Token – bu blokçeýnde aktiwi ýa-da gymmatlygy hödürlemek formasydyr. Bu wirtual walýuta, paýnamalar we beýleki gymmatly kagyzlar, sungat eserleri, gozgalmaýan emläk obýektleri we aktiwleriň beýleki görnüşleri bolup biler.

Tokenler bilen söwda amallaryny amala aşyryp bolýar, olary edil teňňeler ýaly satyp bolar. Olary haýsy hem bolsa bir gollanma ýa-da platforma birikmek üçin hem ulanýarlar.