Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Harbinde gyşky Aziýa oýunlary badalga aldy

10.218k
·
08 Few. 08:07

HHR-iň Başlygy Si Szinpin ýurduň demirgazyk-gündogar ülkesiniň dolandyryş merkezi Harbinde geçjek 9-njy gyşky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň öňündäki baýramçylyk nahar berlişikde çykyş etdi. Ol gyşky Aziýa oýunlarynyň yklymyň halklarynyň parahatçylyga, ösüşe we dostluga bolan umumy ymtylyşyny aňladýandygyny nygtady diýip, «rg.ru» ýazýar.

Si Szinpin Aziýany geljekde-de bu gymmatlyklara eýermäge, howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda bilelikde tagalla etmäge hem-de deňhukukly we kadaly köppolýar dünýäni gurmaga goşant goşmaga çagyrdy. Umumy gülläp ösüşe ymtylyş öz gezeginde ykdysady globallaşma itergi berer diýip, Hytaýyň lideri belledi.

Milli toparlaryň düzüminde gyşky sport görnüşleriniň iň güýçli wekilleri geldiler. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndy topary hokeý, şort-trek we buzuň üstünde typmak sport görnüşlerinde çykyş etjek 25 türgenini öz içine alýan 37 adamdan ybarat topar bilen wekilçilik edýär.