Screen not supported
Oýun sanawy
Seýrek we doly işleýän “Apple-1 Bayville” kompýuteri auksionda 375 000 dollara satyldy
“RR Auction” amerikan öýüniň auksionynda Bayville hökmünde belli bolan seýrek we häzirem işleýän Apple-1 kompýuteri satyldy. Onuň auksionda bahasy 375 000 dollar boldy diýip, Macrumors habar berýär.
“Apple-1” Stiw Jobs we Stiw Woznýak tarapyndan satylan ilkinji şahsy kompýuter boldy. Häzir sanawda şeýle gurluşlardan 104 sanysy bar.
Kompýuter bilen bilelikde Apple-iň ilkinji işgärlerinden biri bolan Deniel Kottkeniň golýazma belgisi bilen asyl gollanma berilýär.
Auksion “Steve Jobs and the Apple Revolution” ady bilen geçirildi. Onuň çäklerinde 112 054 dollara Jobsuň goly bolan 1976-njy ýylyň Apple Computer çegi we 87 514 dollara möhürlenen birinji nesil 4 GB iPhone hem satyldy. Umumy söwda girdejisi 1 308 251 dollara barabar boldy.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ