Screen not supported
Oýun sanawy
Fizikler iň kiçi LED displeýi döretdiler
Hançžouly alymlar Kembrij uniwersitetinden kärdeşleri bilen bilelikde çäge dänesinden has kiçi LED displeýi işläp düzdüler. II-V görnüşli ýarymgeçirijilerden döredilen pikselleriň ini bary-ýogy 90 nanometr, ýagny wirusdan uly däl diýip, Interesting Engineering belleýär.
Şol bir wagtyň özünde alymlar her dýuýma 127 000 piksel dykyzlygyny gazandylar, bu bolsa häzirki zaman ekranlarynyň görkezijilerinden has ýokarydyr. Şeýle kiçi LED-lary döretmek kyn we gymmatdyr. Adamyň gözi 576 megapiksele çenli ýitiligi tapawutlandyryp bilýär we bu çäkden geçmek hemişe dogry däl. Täze LED-lar (nano-PeLED) bu meseläni çözýär: adaty yşyklardan tapawutlylykda olar ýagtydyr we çalt öçmeýär.
Bu pikseller giňeldilen hakykat äýnekleri, wirtual hakykat garniturlary we indiki nesil smartfonlary üçin amatly bolup biler. Şeýle-de bolsa, çäklendirmeler bar: perowskit LED-lary henizem monohromdyr, olaryň häzirki zaman ekranlar bilen bäsleşmegi üçin doly reňkli wersiýalar zerurdyr. Şeýle hem olaryň hakyky enjamlarda näçe wagt işläp biljekdigi heniz belli däl. Alymlar bu kemçilikleri ýok etmek üçin tehnologiýany kämilleşdirmegi meýilleşdirýärler.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ