Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi geçiriler

555
·
15 Mart. 12:09

Çeşme

2025-nji ýylyň 17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Birleşmäniň agzalarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler. Şeýle-de bu çäreleriň çäklerinde ilkinji gezek döwrebap lybaslaryň halkara moda görkezilişi hem guralar.  Bu barada TDH gullugy habar berýär.

Moda dünýäsinde ýylyň esasy wakalaryň birine öwrülmegine garaşylýan bu çärä türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň, daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Hususan-da, halkara moda görkezilişiň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma ministrliginiň Modalar öýüniň, şeýle-de beýleki modalar öýleriniň dizaýnerleri tarapyndan milli däpleri döwrebap biçüwler bilen utgaşdyrylyp taýýarlanylan lybaslar görkezilişe çykarylar.

Şeýle-de halkara moda görkezilişinde Italiýanyň, Marokko Patyşalygynyň, Fransiýanyň, Oman Soltanlygynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary moda söýüjilere hödürleniler. Aýratyn bellenilmeli tarapy, Aşgabatda geçiriljek bu halkara moda görkezilişi moda dünýäsiniň abraýly neşirleridir teleýaýlymlary tarapyndan giňden şöhlelendiriler. Olaryň hatarynda «Al Arabiya TV», «Al Dubai Arabiya TV», «Fashion TV» teleýaýlymlary, «Vanity Fair», «Vogue», «MARIE CLAIRE ARABIA», «GRAZIA», «HELLO RUSSIA», «ELLE» žurnallary we «FASHION NETWORK» gazeti bar.



























KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ