Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Aşgabatda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» atly maýa goýum forumy öz işine başlady

802
·
18 Mart. 11:46

Çeşme

18-nji martda Aşgabatda ýurdumyzyň hususy pudagyna maýa çekmeklige bagyşlanan «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» atly halkara forumy öz işine başlady. Bu çäre «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilip, ol döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we ýerli kärhanalaryň wekillerini bir ýere jemledi.

Forumyň maksatnamasy kiçi we orta telekeçiligi goldamak, oba hojalygyna innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem senagat, gurluşyk, ulag we syýahatçylyk ýaly ugurlary ösdürmekde hususy pudagyň ornuna bagyşlanan birnäçe tematiki toparlara bölünýär. Foruma gatnaşyjylar halkara tejribesini we hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar we täze taslamalary we maýa goýum tekliplerini hödürlärler.

Forum ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek we türkmen kompaniýalarynyň täze önümleri hem-de maýa goýum başlangyçlary bilen tanyşdyrmak çäresi bilen tamamlanar.