Screen not supported
Oýun sanawy
Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy dünýäde ilkinji Wi-Fi nauşniklerini çykarmaga taýynlanýar
Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy dünýäde “Xiaomi Buds 5 Pro” diýlip atlandyrylýan ilkinji Wi-Fi nauşniklerini çykarmaga taýynlanýar.
“Xiaomi Buds 5 Pro” diňe bir Bluetooth arkaly däl, eýsem Wi-Fi arkaly hem smartfonlara birikýär. Bu bolsa sesiň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu aýratynlyk diňe “Xiaomi 15 Ultra” smartfonynda bar. Şeýle hem bu aýratynlyk energiýa sarp edilişini azaldar we birikmegiň durnuklylygyny ýokarlandyrar.
Nauşnikler zarýad beriş gutysynda 40 sagada çenli, daşyna çykarylanda bolsa bir zarýadda 10 sagada çenli işläp biler. Mundan başga-da, enjamyň ses ýazmak we emeli intellekt arkaly sinhron terjime etmek hyzmaty bar.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ