Screen not supported
Oýun sanawy
“Google” kompaniýasynyň iň akylly emeli intellekti indi ähli ulanyjylara mugt elýeter
“Google” kompaniýasy “Gemini 2.5 Pro” emeli intellekt üçin ähli çäklendirmeleri aýyrdy. Bu barada ixbt.com habar berýär. Ozal neýroulgamyň bu görnüşini ulanmagyň çäklendirmeleri bardy, indi bolsa esasy görkezijiler boýunça reýtingde öňdebaryjy tehnologiýa köpçülige elýeterli boldy.
“Gemini 2.5 Pro” esasanam programmirleme bilen baglanyşykly meselelerde “o1”, “o3-mini” we “Sonnet 3.7” ýaly bäsdeş görnüşlerden öňe geçýär. Ulgam has ýokary takyklygy we tizligi görkezip, kod döretmek we analiz etmek bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şeýle hem, emeli intellekt köp ugurda işläp bilýär, ýagny, dürli çeşmelerden alnan maglumatlary bir mazmunda birleşdirip, teksti, şekilleri, ses we wideo işleýär.
“Gemini 2.5 Pro”-nyň aýratynlygy, bir amalda 1 milliona çenli token seljermek ukybydyr. Häzirki zamanyň emeli intellektleriniň beýleki görnüşleriniň köpüsinde standart çäk 128–200 müň token bar. Bu göwrüm, pikiriň bitewiligini saklamak bilen uzyn resminamalar, birnäçe sagat wideo ýa-da çylşyrymly maglumatlar toplumy bilen işlemäge mümkinçilik berýär.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ