Screen not supported
Oýun sanawy
“OpenAI” kompaniýasy “ChatGPT”-däki gözleg hyzmatyny ýönekeýleşdirdi
Indi “ChatGPT”-niň gözleg ulgamyndan peýdalanmak üçin hasaba alynmak we ulgama girmegiň zerurlygy ýok. Bu barada “OpenAI” kompaniýasy habar berdi.
Ilki bu hyzmat diňe müşderilere elýeterdi, soň bolsa ähli ulanyjylara açyldy. Indi bolsa has hem amatly – bu hyzmaty şahsy hasap döretmän gönümel girip peýdalanyp bolýar.
Bu täzelik “ChatGPT”-ni “Google”, "Yandex" we “Bing” ýaly adaty gözleg ulgamlary bilen bäsleşer ýaly edýär. Bu hyzmat maglumatlary internetden gözleýär, çeşmeleri yzarlaýar we hatda netijeleriň gysgaça düşündirişlerini, kartalary we suratlary hem görkezýär.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ