Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Postshop – Türkmenistanda onlaýn söwda üçin iň amatly çözgüt!

1.700k
·
27 Few. 15:53

Çeşme

“Postshop” elektron söwda meýdançasy harytlary elýeterli eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. Bu marketpleýs ýerli ýaşaýjylar hem-de telekeçiler üçin amatly söwda etmek we öz harytlaryny satmak üçin özboluşly mümkinçilikleri hödürleýär.

“Postshop” eltip bermekde iň amatly nyrhnamalary bilen tapawutlanýar: 5 welaýatyň islendik ýerine 5 kg-a çenli harytlary bary-ýogy 5 manada eltip berilýär. Her goşmaça kilogram üçin diňe 2 manat tölenilýär. Bu amatly mümkinçilik “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasy bilen hyzmatdaşlygyň esasynda üpjün edilýär we "gapydan-gapa" hyzmatyny hem öz içine alýar.

Eltip bermegiň şertleri: iň ýokary agram 150 kg, töleg nagt, bank kartlary ýa-da onlaýn görnüşde amala aşyrylyp bilner. Harytlar paýlaýyş nokadynda 3 gün saklanýar.

“Postshop” diňe bir alyjylar üçin däl, eýsem ýerli telekeçiler üçin hem giň mümkinçilikleri döredýär. Olar harytlaryny bu meýdança ýerleşdirip, müşderiler binýadyny giňeldip bilerler.

Meýdançadaky harytlar hojalyk tehnikalary, elektronika, gurluşyk harytlary, çagalar üçin önümler, balyk tutmak we aw etmek üçin esbaplar, aşhana harytlary, kosmetika, parfýumeriýa, himiki serişdeler we kanselýariýa önümleri ýaly dürli kategoriýalara bölünýär.

“shop.post.tm” internet salgysyndaky “Postshop” meýdançasynyň baş sahypasynda "Täze harytlar", "AT Cybersport", "Smart Elektronika" ýaly bölümler ýerleşdirilip, müşderilere amatly gözleg mümkinçiligi döredilýär.

Aşgabat şäheriniň çäklerinde eltip bermek hyzmaty 24 sagada çenli dowam edýär, beýleki welaýatlara bolsa 3-5 gün aralygynda eltilýär. “Postshop” web görnüşde we “Google Play” hem-de “App Store” internet bazarlaryndaky ykjam goşundy arkaly müşderilere elýeterdir.

Habarlaşmak üçin salgy we telefon belgileri:

Aşgabat, Mýati Kosaýew köçesi, jaý 16; (+99312) 92 14 95

Iş wagty: 09:00 – 19:00 (ýekşenbe güni 16:00-a çenli)



























KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ