Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanda moda pudagyna bagyşlanan Made in Italy günleri geçiriler

1.352k
·
27 Mart. 09:38

Çeşme

5-nji aprelden 8-nji aprel aralygynda “Made in Italy” günleri Aşgabatda geçiriler. Olaryň içine “Ashgabat Moda Long Weekend” başlangyjy hem girýär diýip, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Bu çäre Italiýanyň Milli moda we senetçilik birleşiginiň (CNA Federmoda) we moda hünärmenleri Antonio Françeskininiň we Roberto Corbelliniň goldawy bilen gurnaldy. Maksatnamada bezeg ugrunda bilim alýan talyplar üçin ussatlyk sapaklary we pudagyň bilermenleri üçin döredijilik duşuşyklary bar.

7-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet sungat akademiýasynda geçiriljek moda sergisi esasy waka bolar. Italýan dizaýnerleri Klaudiýa Bellini we Mariýa Gloriýa Trewisani, şeýle hem türkmen dizaýneri Jennet Agaýewa döreden lybaslaryny hödürlärler.

“CNA Federmoda” “Made in Italy” harytnyşanly ýokary moda önümleri öndürýän kiçi we orta kärhanalaryň milli birleşigi. Gurama moda pudagyny goldamaga we ösdürmäge gönükdirilen dürli taslamalara we başlangyçlara işjeň gatnaşýar.