Screen not supported
Oýun sanawy
Türkmenistanda talyplaryň arasynda emeli aň boýunça hakaton geçiriler
27-nji fewralda Türkmenistanda emeli aň boýunça “AI Product Hackathon” atly bäsleşik geçiriler. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp, emeli aň bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň çözgütlerini tapmak boýunça bäsleşerler.
Hakatonyň guramaçysy – Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, operatory – “Sanly Çözgüt – IT meýdança” hojalyk jemgyýeti bolup durýar. Bäsleşik ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilimi ösdürmäge, talyplaryň arasynda emeli aň tehnologiýalaryny wagyz etmäge hem-de bu ugurda zehinli ýaş hünärmenleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir.
Bäsleşigiň esasy maksatlarynyň biri – emeli aň boýunça ýokary derejeli milli hünärmenleri taýýarlamakdyr. Guramaçylar hakatonyň çäklerinde taýýarlanan iň gowy taslamalaryň önümçilige ornaşdyrylmagynyň teklip edilip bilinjekdigini belläp geçdiler.
Şeýlelikde, bu hakaton sanly tehnologiýalar bilen gyzyklanýan we emeli aňyň ösüşine goşant goşmak isleýän talyplar üçin möhüm meýdança bolar.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ