Screen not supported
Oýun sanawy
Ýapon sungat ussatlary küştdepdi tansyna uly gyzyklanma bildirdi
Ýapon tans ussady Ueda Çiho we sazanda Kikuçi Ýutaka medeni hyzmatdaşlygyň çäklerinde Aşgabada geldi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berdi. Olar bir hepde dowam eden saparynda Türkmen milli konserwatoriýanyň, ýörite sazçylyk mekdebiniň we Medeniýet institutynyň talyplary üçin ussatlyk sapaklaryny geçip, Kabuki teatry, halk tanslary we sýamisen saz guraly bilen tanyşdyrdylar.
Açyk sapakda myhmanlar gadymy türkmen küştdepdi tansy bilen tanşyp, onuň joşgunlylygy we ruhy güýji bilen haýran galdylar. Tomaşa etmek bilen çäklenmän, olar bu milli tansyň hereketlerini hem uly höwes bilen öwrenmäge synanyşdylar.
Şondan soň, Ueda Çiho sýamiseniň sazlaşygynda sakura gülläp açylyşynyň syrly tansyny ýerine ýetirdi we talyplara ýapon plastikasynyň inçe tilsimlerini öwretdi. Medeni çärelere baý duşuşyk Medeniýet institutynyň muzeýinde tamamlandy. Ýapon myhmanlar türkmen el işleriniň gadymy taryhyna haýran galyp, ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen nagyşly keşdeleriň özboluşlylygyny aýratyn gyzyklanma bilen synladylar.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ