Screen not supported
Oýun sanawy
Rumyniýa ýaşlar üçin Türkmenistan barada sapaklary guramagy meýilleşdirýär
Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň binasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa bilen Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň Döwlet sekretary Gigel Paraskiwiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ministriň orunbasary rumyn tarapynyň bilim we ylmy gözleg ugurlarynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de mundan beýläk-de güýçlendirmek bilen gyzyklanýandygyny aýtdy. Ministriň orunbasary türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlarda okamak babatda rumyn uniwersitetlerini saýlandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy habar berdi.
Häzirki wagtda Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna esaslanyp, Rumyniýa her ýyl Türkmenistanyň raýatlaryna ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin 105 talyp hakly orunlary hödürleýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda rumyn talyplary we mekdep okuwçylary türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrjak Türkmenistan barada açyk sapaklary guramak teklip edildi.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ