Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanyň önümleri Moskwada geçirilýän “Prodekspo-2025” atly sergide hödürlenilýär

21.331k
·
04 Few. 08:02

2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Moskwada "Prodekspo-2025" atly 32-nji halkara sergi açyldy. Bu ýylky sergide Russiýanyň 39 sebiti bilen bir hatarda 36 ýurtdan 1800-den gowrak gatnaşyjy bar. Serginiň umumy meýdany 75 900 inedördül metrden geçýär.

Türkmenistan hem oňa işjeň gatnaşýar. Bu ýyl sergide öňdebaryjy türkmen azyk öndürijileri görkezilýär. “Ýüpekçi” kärhanasy, Türkmenistanda öndürilen alkogolsyz miwe içgilerini we şirelerini hödürleýär. Konditer önümçiliginde “Akgar”, “Altyn Ýunus”, “Balam”, “Bars”, “Hasar”, “Kilwan” we “Täze Aý” kompaniýalary önümlerini hödürleýärler.

Türkmenistanyň “Prodekspo 2025” atly sergä gatnaşmagy Watanymyzyň önüm öndürijilere önümlerini halkara giňişliginde hödürlemek, işewür gatnaşyklar ýola goýmak we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär.