Screen not supported
Oýun sanawy
Ýakyn günlerde Türkmenistanda +30 gradusa çenli maýyl howa garaşylýar
Ýakyn günlerde tutuş Türkmenistanyň çäginde günortadan gelýän maýyl howanyň täsiriniň netijesinde yzygiderli howa temperaturasynyň ýokarlanmagyna garaşylýar.
Hususan-da, 17-nji martda Russiýanyň ýewropa tarapynyň üstünde uly atmosfera geriş hereketiniň emele gelmegi bilen, Türkmenistanyň günbatarynda maýyl howanyň akymy güýçlener. Ýurduň günbatarynda +26...+31 gradus çenli maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar.
18-nji martda Balkan welaýatynda howa temperaturasynyň belli derejede ýokarlanmagyna garaşylýar - +28...+33 gradus, Ahal welaýatynda bolsa - +26...+31 gradusa çenli maýyl howa bolar.
Emma ondan soňky günlerde Powoložýe we Ural sebitlerinden gelýän salkyn howa täsiriniň netijesinde, howa temperaturasy ep-esli derejede peseler. Munuň bilen birlikde, belli bir ýerlerde ýagyşlaryň ýagmagyna garaşylmaýar.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ