Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Germaniýada dynç almak üçin dünýäde iň kiçi jaý peýda boldy: bary-ýogy 11 inedördül metr

798
·
24 Mart. 07:47

Çeşme

Germaniýanyň Rips obasynda dynç almak üçin özboluşly jaý peýda boldy. Onuň meýdany bary-ýogy 11 inedördül metre barabar.

Jaýyň eýeleri Marita Hannemann-Moos we Andreas Moos köne transformator podstansiýasyny 1,19 ýewro satyn aldy. Desgany üýtgetmek işleri 140 000 ýewro düşdi we pandemiýa hem býurokratiýa sebäpli dört ýyla çekdi. Indi onuň içinde zerur zatlaryň ählisi bar: aşhana, ýatylýan otag, myhman otagy we hatda kiçijik gyş bagy.

Kiçiligine garamazdan, jaý myhmanhana ýaly rahatdyr.

Indi ol gününe 110 ýewro bilen kärendesine berilýär. Är-aýal taslamanyň dünýäde iň kiçijik jaý hökmünde ykrar edilmegine umyt bildirýär.