Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Apple iň gymmat kompaniýa adyny gaýdyp aldy

675
·
11 Aprel. 11:40

Çeşme

9-njy aprelde Apple kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 15% ýokarlandy – bu 1998-nji ýyldan bäri iň uly bir günlük ösüş boldy. Muňa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Wýetnam, Hindistan we Tailand ýaly Apple kompaniýasynyň önümçilik desgalarynyň ýerleşýän 75-den gowrak ýurduna gümrük paçlarynyň girizilmegini 90 gün yza süýşürmek baradaky karary sebäp boldy diýip, «Kommersant» neşiri habar berýär.

Şol bir wagtda Tramp Hytaýdan getirilýän harytlara salynýan gümrük paçlarynyň möçberini 125%-e çenli ýokarlandyrdy – bu bolsa Apple kompaniýasynyň iPhone we beýleki enjamlarynyň ep-esli böleginiň önümçiliginiň saklanyp galýan ýurdudyr.
Apple kompaniýasynyň umumy bazar gymmaty 400 milliard dollar ýokarlanyp, tas 3 trillion dollara ýetdi. Kompaniýa ýene-de Microsoft-y geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy. Şeýle-de bolsa, bu ösüş 3-nji aprelde nyrhlaryň ýokarlandyryljakdygy barada berlen beýanatdan soň başlan peselmäniň öwezini dolmady. Häzirki wagtda Apple-yň paýnamalarynyň bahasy geçen aý bilen deňeşdirilende, takmynan, 17% pes.