Screen not supported
Oýun sanawy
Nowgorodyň telekeçileri türkmen bazary bilen gyzyklanýar
Nowgorodyň telekeçileri Russiýanyň Türkmenistandaky söwda edarasynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşarlar. Duşuşyk 25-nji fewralda geçiriler. Esasy mowzuk - ýurdumyza mart aýyndaky iş saparyna taýýarlyk.
Duşuşykda türkmen bazaryna orun almak mümkinçilikleri, söwda etmegiň aýratynlyklary, geljegi uly eksport ugurlaryny we iň meşhur rus harytlary ara alnyp maslahatlaşylar. Hususan-da, ýerli kärhanalar bilen işleşmegiň aýratynlyklaryna uly üns berler.
Türkmenistan Nowgorod sebiti üçin möhüm hyzmatdaş bolup durýar. 2023-nji ýylda agaç ugradylmagy bilen Türkmenistana edilýän eksportyň möçberi takmynan 5 esse artdy. Nowgorodyň kompaniýalary agaçdan başga-da Türkmenistana efir ýaglaryny, atyrlary we kosmetika serişdelerini iberýärler.
2024-nji ýylda Türkmenistana eksport 1,2 million dollara barabar boldy. Mart aýy üçin işewürlik meýilnamasy taýýarlanylýar we bu onlaýn duşuşyk telekeçilere has gowy taýýarlanmaga, ýurdumyz barada has köp zat öwrenmäge we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna kömek eder.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ