Screen not supported
Oýun sanawy
Türkmenistan azyk däl önümleriň halkara sergisine gatnaşmaga çagyryldy
Merkezi Aziýa sebitindäki sergileriň esasy guramaçylarynyň biri bolan “Mayer Expo Asia Limited” çäklendirilen jogapkärçilikli kärhana türkmen telekeçileri “NON-FOOD ASIA EXPO 2025” atly azyk däl önümleriň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berdi.
Türkmen kärhanalarynyň wekilleri öz önümlerini “Türkmenistanda öndürildi” ýazgyly köpçülikleýin diwarlygynda hödürläp bilerler. Guramaçylaryň resmi ýüzlenmesinde bellenip geçilişi ýaly, türkmen kompaniýalaryny sergä gatnaşmaga çagyrmak karary Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky tutýan möhüm orny bilen baglanyşykly.
Sergide öý himiki maddalaryndan, atyrlardan we kosmetika önümlerinden gündelik önümlere we gaplaýyş materiallaryna çenli ýaly dürli azyk däl önümler görkeziler.
Sergiler iki şäherde: şu ýylyň 21-23-nji maýynda Daşkende we 26-28-nji noýabry aralygynda Almaty şäherinde geçiriler.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ