Screen not supported
Oýun sanawy
Türkmenistanda zenan mugallymlaryň we talyplaryň arasynda sport ýaryşlaryny geçiriler
Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň zenan mugallymlaryň we talyplaryň arasynda «Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» atly sport ýaryşlary geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web sahypasynda habar berildi.
Ýaryşlar 3-nji martdan 7-nji marta çenli dowam eder, açylyş dabarasy 3-nji martda Bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda geçiriler. Başlangyç sagat 15:00-da. Açylyş dabarasyna her ýokary okuw mekdebinden 10 wekilden ybarat toparlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Toparlaryň wekilleri üçin deslapky duşuşyk 1-nji martda sagat 14:00-da Bedenterbiýe we sport institutynyň baş binasynyň mejlisler zalynda geçiriler.
Zenan mugallymlaryň we talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän ýaryşlaryň ýeňijileri toparlaýyn hasap boýunça kesgitlener. Baýramçylyk ýaryşynyň maksatnamasynda basketbol, küşt, stol tennisi, woleýbol we tennis bar.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ