Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Argentina Braziliýa bilen oýunda birbada iki sany taryhy rekordy täzeledi

1.254k
·
26 Mart. 11:29

Çeşme

Argentinanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky duşuşykda Braziliýany 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Bu ýeňiş bilen Argentinanyň ýygyndysy Günorta Amerikanyň saýlama tapgyrlarynyň taryhynda iki rekord goýdy diýip, MisterChip lakamly žurnalist X sosial sahypasynda habar berdi.

Lionel Skaloniniň topary bir saýlama tapgyrda Braziliýany iki gezek ýeňmegi başaran ilkinji topar boldy. Mundan başga-da, "albiseleste" Braziliýanyň derwezesine Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrlarynda dört gol geçiren ýeke-täk ýygyndy boldy.

Argentinanyň ýygyndysy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny möhletinden öň gazandy. Olar 14 oýundan soň 31 utuk bilen sanawyň başyny çekýärler.

Şeýlelikde, Argentina resmi taýdan dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji günorta amerikaly ýygyndy boldy.