Screen not supported
Oýun sanawy
Türkmenistan bilen Gazagystan 2025-nji ýylyň ahyryna çenli göni howa gatnawlaryny dikeldip biler
Aşgabat bilen Almaty şäherleriniň arasyndaky howa gatnawlarynyň şu ýylyň dowamynda täzeden ýola goýulmagy boýunça mesele Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýewiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gazagystanyň Ulag ministrliginiň resmi web sahypasynda ýerleşdirilen maglumata görä, türkmen tarapy bu ugry dikeltmek meselelerini öwrenýär. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam eder.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Gazagystan ulag pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ