Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanyň ýaşlary “Startap-ekoulgam – 2024–2025” bäsleşiginde 40-dan gowrak innowasion taslamany hödürledi

1.566k
·
22 Maý. 07:50

Türkmenistanda ýaşlaryň innowasion startap-taslamalarynyň giň gerimli bäsleşigi üstünlikli jemlendi. Bu bäsleşik ýaş nesliň döredijilik ukybyny açmak we jemgyýetiň dürli ugurlarynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy höweslendirmek maksady bilen guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň 40-dan gowrak talyby tarapyndan taýýarlanan innowasion taslamalar tabşyryldy. Çäräniň maksady ýaşlaryň döredijilikli pikirlenmegini ösdürmekden we innowasion çözgütlere esaslanýan başlangyçlary goldamakdan ybarat boldy.

Bäsleşigiň hünärmen topary taslamalaryň jemgyýetçilik ähmiýetine, ykdysady gymmatyna we tehniki esaslandyrylyşyna aýratyn üns berdi. Şeýle hem taslamalaryň jemgyýet üçin peýdalylygy we olaryň geljekde giňden ornaşdyrylmak mümkinçiligi seljerildi.

Üç sany ýeňiji taslama marketing, bilim we sanly media ugurlarynda saýlandy. Birinji orun kompaniýalary innowasion usulda tanatmak boýunça taslama eýe boldy, ikinji orun onlaýn programma üpjünçiligi arkaly hünär we bilim kämilleşdirmäge bagyşlanan taslama, üçünji orun bolsa sanly media meýdançasy boldy. Bäsleşikde şeýle hem jemgyýetçilik we zenan telekeçiligi, sanly innowasiýalar we ýaşyl ykdysadyýet ugurlary boýunça ýörite nominasiýalar bellenildi.

Bäsleşigiň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi, “Türkmenistanyň Ýaşlarynyň Üstünlikleri” milli jemgyýetçilik birleşigi, şeýle hem “Maslahatly Çözgüt” we “Eksport konsalting” hojalyk jemgyýetleri çykyş etdiler. Ýeňijiler Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de hyzmatdaş guramalar tarapyndan sylaglandy.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ