Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Messi “FourFourTwo” žurnalynyň pikiri boýunça №1 futbolçy. Pelé däl, Maradona-da däl

9.609k
·
07 Few. 12:35

Iňlis “FourFourTwo žurnaly taryhda iň gowy 100 futbolçynyň sanawyny çap etdi we onda argentinaly hüjümçi Lionel Messi birinji orny eýeledi. Braziliýaly Pelé ikinji, Diego Maradona bolsa üçünji orun berildi. Kriştianu Ronaldu dördünji ýerde ýerleşdirildi.

Lionel Messi 1987-nji ýylyň 24-nji iýunynda Argentinanyň Rosario şäherinde dünýä indi. Ol "Barselona" klubynyň düzüminde 18 ýyl çykyş edip, 778 oýunda 672 gol geçirdi we klubyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçy boldy. "Barselonada" ol 10 gezek Ispaniýanyň çempiony we 4 gezek Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi boldy.

2021-nji ýylda Messi "Pari Sen-Žermene" (PSŽ), 2023-nji ýylda bolsa "Inter Maýami" klubyna geçdi. Halkara giňişliginde bolsa ol 2022-nji ýylda dünýä çempiony, şeýle-de iki gezek Amerika Kubogynyň ýeňijisi boldy.

Messiniň “FourFourTwo” tarapyndan taryhda iň gowy futbolçy hökmünde ykrar edilmegi onuň dünýä futbolyna goşan ägirt uly goşandyny nygtaýar we ony sport älemindäki hakyky rowaýat hökmünde tassyklaýar.