Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti daşary ýurtly myhmanlar bilen duşuşdy

1.515k
·
29 Mart. 06:09

Çeşme

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen daşary ýurtly myhmanlar bilen duşuşdy. Bu barada TDH gullugy habar berýär.

Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary hanym Inna Swýatenko, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri hanym Akmaral Alnazarowa bilen duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklarda ynsanperwer ugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alşyldy. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn üns çekildi.