Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Parahatçylyk, ynanyşmak, Bitaraplyk: Türkmenistan tejribe paýlaşýar

10.225k
·
16 Few. 15:08

2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi B.Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynda umumy sapak geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasy döwlet işgärleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we kämil taýýarlamak bilen meşgullanýan ýörite derejesi bolan ýokary okuw jaýydyr.

Sapaga akademiýanyň talyplary, magistr talyplary, aspirantlar, professor-mugallymar, şol sanda diplomatik edaranyň wekilleri gatnaşdy.

Bu umumy sapak, esasan, Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 2025-nji ýyly "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýip yglan edilmegi bilen baglanyşykly köp sanly möhüm soraglary öz içine aldy.

Sapagyň dowamynda Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde deňhukukly hyzmatdaşlygyň giňelmegine möhüm goşant goşýandygy bellenildi.

Şeýle hem, soňky ýyllarda Türkmenistanyň bitaraplygynyň ewolýusiýasynyň BMG-nyň esasy gymmatlyklaryna we maksatlaryna laýyk gelýändigini subut edendigi we dünýä jemgyýetçiliginiň umumy baýlygy hökmünde ykrar edilendigi aýratyn belleilndi.

Sapagyň ahyrynda türkmen diplomatik missiýasynyň ýolbaşçysy häzirki wagtda ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýan türkmen-gazak gatnaşyklary barada gürrüň berdi. Türkmenistan-Gazagystan liderleri tarapyndan gurlan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygyň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň durnukly tebigatyny görkezýär.

Sapaga gatnaşyjylar uly höwes bilen Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllarynda amala aşyran işleri, hususan-da dünýä tertibiniň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny durmuşa geçirmegiň ideologiki we amaly taraplary baradaky maglumatlary diňlediler.

Sapakdan soň akademiýanyň diňleýjilerini gyzyklandyrýan soraglaryň işjeň alyş-çalşygy boldy.