Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Ýaşlaryň innowasiýasy: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň täze mümkinçilikleri

1.782k
·
16 Aprel. 05:05

Çeşme

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky Baş edarasynda, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) ýaşlar forumynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasy tarapyndan guralan “Ýaşlaryň ýolbaşçylygynda ylmy innowasiýalar we syýasy çäreler: Durnukly ösüşi ilerletmek” atly çäräniň nobatdaky sany üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew çykyş edip, ýaşlaryň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tutýan möhüm ornuny belledi hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ýaşlary giňden goldamaga we olaryň mümkinçiliklerini doly açmaga gönükdirilendigini nygtady.

 

Türkmen wekili öz çykyşynda bu başlangyçlary Türkmenistanyň milli ösüş strategiýasynda kesgitlenen möhüm ugurlar bilen baglanyşdyrdy. Bu strategiýa ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň, ylmy-tehnologiki döwrebaplaşdyrmagyň we häzirki zaman meselelerini çözmekde innowasion çemeleşmäniň ähmiýetini aýratyn belleýär. Şeýle hem ol 2023-nji ýylyň oktýabrynda akylly we durnukly ösüş şäheri Arkadagda döredilen Merkezi Aziýa ýaşlarynyň dialogynyň ýaşlaryň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldamak ugrunda alnyp barylýan möhüm ädimdigini ýatlatdy.

 

Azat Ataýew ýaşlary, alymlary we telekeçileri bir ýere jemlemäge gönükdirilen bu tagallalaryň hormatly Prezidentimiziň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, innowasiýalary öňe sürmäge we adam potensialyny ösdürmäge gönükdirilen syýasatyna doly laýyk gelýändigini aýtdy.

 

Çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary hemmeleri 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş edarasynda geçiriljek, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2015-nji ýylda kabul eden 2250-nji Kararynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk baradaky ýörite çärä gatnaşmaga çagyrdy. Türkmenistanyň pikiri boýunça, ýaşlaryň sebitleýin we ählumumy derejesindäki başlangyçlarynyň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagy ylmy-tehniki ösüşi höweslendirer we ýaşlaryň jemgyýetdäki ornuny has-da pugtalandyrar.

 



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok