Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Magtymguly adyndaky teatrynda Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan teatrlaşdyrylan kompozisiýanyň ilkinji görkezilişi geçirildi

1.104k
·
29 Mart. 08:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň bitaraplygyna bagyşlanan "Bitaraplyk – Jebisligiň binýady" atly teatrlaşdyrylan kompozisiýanyň ilkinji görkezilişi geçirildi.

Sahna eseri teatryň döredijilik topary tarapyndan döredilip, oňa Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar we ulag kommunikasiýalary institutyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersitetiniň talyplarydyr mugallymlary gatnaşdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär.

Teatrlaşdyrylan kompozisiýanyň mazmunyna Şükür bakşy, Mäne baba, Tumar-şa ýaly watanyň azatlygyny, garaşsyzlygyny şahsy bähbitlerinden ýokary tutan meşhur taryhy şahsyýetleriň keşpleri girizildi.