Screen not supported


scope

Oýun sanawy



“Arkadag” bilen geçirilen duşuşykda hindi Messiniň goly “Ist Bengaly” ýeňlişden halas etmedi

1.664k
·
13 Mart. 07:28

Çeşme

12-nji martda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygyny “Arkadag” stadionynda Hindistanyň “Ist Bengal” topary bilen geçiren “Arkadag” topary özünden garaşylan ýokary derejeli oýny görkezmegi başardy.

Bu stadiondaky ilkinji halkara duşuşyga myhmanlar gol bilen başlady. Eýýäm 1-nji minutda Messi Rafael Buri hasaby açdy. Oýnuň 33-nji minutynda myhmanlardan Lalçungnunga 2-nji gezek duýduryş alayndan soň meýdançadan çykaryldy.

2-nji ýaryma has erjel girişen “Arkadag” topary birnäçe amatly pursatlary döretdi. Duşuşygyň 89-njy minutynda Şanazar Tirkişowyň garşysyna jerime meýdançasynda içinde gödeklige ýol berildi we oýnuň emini ikirjiňlenmezden penalti urgusyny belledi. Ony-da 2-nji ýarymyň başynda oýna giren Altymyrat Annadurdyýew dürs urup, hasaby deňledi.

Annadurdyýew goşmaça wagtyň sekizinji minutynda ýene-de bir gol geçirip, ýeňşi berkitdi. Şeýlelikde, “Arkadag” AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym finalyna çykdy.