Screen not supported
Oýun sanawy
Türkmenistanyň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasynyň +42 gradusa çenli ýokarlanmagy mümkin
Şu hepde Türkmenistanyň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasynyň +42°C çenli ýetmegi bilen yssy howa bolar. Howa maglumaty gullugynyň habaryna görä, ýurduň köp sbitlerinde yzygiderli ýokary temperatura saklanyp durar. Şeýle-de bolsa, geljek günlerde käbir sebitlerde gysga wagtlyk ýagyş ýagmagy we şemalyň güýçlenmegi mümkindir.
Aşgabatda gündiz +36...+38°C, gijelerine +22...+24°C aralygynda üýtgäp durýan bulutly howa çaklanylýar. Ahal welaýatynda açylyp duran bulutly howa garaşylýar, temperatura gündiz +35...+40°C, gijelerine +20...+25°C barabar bolar.
Lebap welaýatynda iň yssy howanyň bolmagyna garaşylýar. Bu ýerde esasan açyk howa bolmagy bilen, howanyň temperaturasy gündiz +37...+42°C, gijelerine bolsa +22...+27°C barabar bolar. Hepdäniň ahyrynda ownuk ýagyşlaryň bolmagy ähtimal.
Mary welaýatynda az bulutly howa bolar, howanyň temperaturasy gündiz +36…+41°C, gijelerine +21…+26°C aralygynda saklanar.
Balkan welaýatynda bolsa şemally howa çaklanylýar. Temperatura gündiz +33...+38°C, gijelerine +15...+20°C aralygynda saklanar. Hepdäniň soňuna çenli üýtgäp durýan bulutly howa we gysga wagtlyk ýagyşlar bolup biler.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bilen temperatura gündiz +32…+37°C, gijelerine +19…+24°C barabar bolar. Şeýle-de, ýagyş ýagmagy ähtimal.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ