Screen not supported
Oýun sanawy
Rimde Türkmenistanyň arheologiýa tapyndylarynyň iri sergisi açylar
Türkmenistan bilen Italiýa Rim şäheriniň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek arheologiýa tapyndylarynyň ajaýyp sergisine taýýarlyk görýär. Bu barada Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari aýtdy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi duşenbe güni habar berdi.
Sergi gadymy Margiana we Nusaý şäherleriniň çäklerinden tapylan täsin gymmatlyklary, şol sanda Türkmenistanyň we Italiýanyň bilelikdäki arheologik ekspedisiýalarynyň çäklerinde hem-de Turina we Bolonýa sebitlerinden bolan gözleg-barlag toparlary tarapyndan ýüze çykarylan gymmatly tapyndylary görkezer.
Ilçiniň bellemegine görä, bu sergi arkaly Italiýanyň arheologiýa jemgyýeti we Italiýanyň ilaty Türkmenistanyň gadymy taryhy we medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ