Screen not supported
Oýun sanawy
Türkmenistanda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwal badalga aldy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Fransiýadan, Eýrandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan kompozitorlar, dirižýorlar, opera aýdymçylarydyr sazandalar bu çärä gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.
Mukamlar köşgüne medeniýet ulgamynyň ýolbaşçy düzümi, ugurdaş edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar ýygnandylar. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Konsertde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri we Döwlet hory tarapyndan ýerine ýetirilen “Türkmenistan” atly aýdym halkymyzyň jebisliginiň waspy bolup ýaňlandy. Soňra konsert ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Olaryň bilelikde ýerine ýetiren aýdymlarynda, kompozisiýalarynda parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.
Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasyndan gelen aýdymçynyň Aşgabada bagyşlanan “Meniň Aşgabadym” atly aýdymy tomaşaçylarda aýratyn ýakymly duýgulary döretdi. Artistleriň çykyşlarynda halkara festiwalyň medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga, dostluga we ylalaşyga gönükdirilen esasy ideýasy öz beýanyny tapdy.
Festiwalyň çäklerinde myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine, beýleki gözel ýerlerine gezelençler guraldy. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň 20-nji maýda geçirilmegi meýilleşdirilýän döredijilik duşuşyklary, meşhur artistleriň sazçylyk mekdepleriniň okuwçylary üçin ussatlyk sapaklary bu giň möçberli medeni çäräniň ähmiýetini has-da artdyrar. «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwal ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gala konserti bilen tamamlanar.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ